Berdi Kerbaba
GYZLAR DÜNÝÄSI
”GYZLAR
DÜNÝÄSI” ilkinji gezek 1927-nji ýylda ”Türkmenistan” gazetinde
çap edilýär. Şondan bir ýyl soñ özbaşdak kitap
bolup çykýar. Poemanyñ teksti Nurmuhammet Aşyrpuryñ
1980-nji ýylda Eýranyñ Kümmet-Kowus şäherinde çap
edilen kitabyndan alyndy. Arap-pars elipbiýinden latyn
elipbiýine geçiren:
Alieh Şadman
GYZLAR
DÜNÝÄSI
Öñ zamanlar
bardy şeýle bir wagyr:
”Añsadyna bakan aýal gyz dogyr”
Bu pikir
gelýärdi örän uzakdan,
Aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.
Diýseñ: ”Gyzy
boldy planyñ, äheý!”
”Ola bolmandyr-ow – diýerler – päheý!”
Gyz kişiniñ
maşgalasy ahyry,
Adam hasap etmezler ol pahyry.
Gyz ýurt
goramaz, busar oturar,
Abraý däl, käte ysnat getirer.
Gyzdan yurt
eýesi ýa nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez, ogully ölmez!
Oguldyr atanyñ
arka daýanjy,
Gyz dörän gününden alada, ynjy…
Şeýle
wagyzlardan gulak ganansoñ,
Erbet nysak hakykata dönensoñ,
Eşidende
atasy ”göbek kes” sözün
Igenç bilen aýdar: kesiñ bogazyn.
Ogul bolsa,
derrew azan aýdarlar,
Eşidenler ”ýör, toýa” diýp gaýdarlar.
Gyz bolanda,
azan-kamat aýdylmaz,
Toý-tomgy hiç, ynsandyram öýdülmez.
Müýnli bolar
gyz doguran aýal hem,
Gaýtargy bermäge etmez hyýal hem.
Dogmasyndan
ata göwni jaý bolmaz,
Gyz dogdy-dogmady parhyny bilmez.
Enesem gyzyna
etmez kän geleñ,
Çem gelen ýerinde ýatar baş-ýalañ.
Açlykdan
gyz pahyr aglasa ýekän
Diýerler: ”lal bol-da ýat-da ýer çeken!”
Lak atanlar
diýer: ”başyñ sogrulsyn!”
”Päheý, janyñ çyksyn”! ”Boýnuñ oñrulsyn!”
Ýylgyryp,
bökjekläp gelse-de gola,
Ele almaz, diýer: ”jähennem bol-a!”
Ogul ýaly
gyz görülmez gowurak,
Mahlasy tutular saýak-sandyrak.
Gülüp-oýnamaga
ýarap başlansoñ,
Özün bilip, hapalygy taşlansoñ,
Hajyk-hujuk,
bir azajyk bakylar,
Monjuk, dagdan näzik boýna dakylar.
Bu nä ”başy
kesilen!” diýp taşlarlar,
Kem-kem welin, imirgenip başlarlar.
Alty-ýedi
ýaşda bogup gulpagyn:
”Iýeris” – diýrler – munuñ ýagly çelpegin!”
Tur-otura
ýarandan soñ neýlärler?
Ýumuş buýrup, işe werziş eýlärler.
Enesi öwreder
oturuş-turşun,
Gulpagyn goýberip, saçyn örüşin.
Birnäçe wagt
gezer, bökejeklär towsup,
Gulpagyn tasadyp her ýana öwsüp.
Bagy üzülip,
dökülmese hünjüsi,
Hiç bir zatdan bolmaz onuñ ünjüsi.
Şol
wagt göýä bir açylýan gunça,
Oýun edip, degişerler kä ençe.
Çekinmezler
ýalan-ýaşryk öwmeden,
Gandyrlar gulagny satyp-sowmadan.
”Baý, bu
gyz-a örän gymmat bahadyr!
El ýetmejek iñ ýokarky şahadyr!
Bermeris
hiç kime, bolmasak belet,
Agalary geýer ýüpekden halat.
Salmarys
gapydan her öñýeteni,
Ýeññelerne getirmese keteni.
Her gün şeýdip,
köp degerler oýundan,
Gägirip doýarys – diýp, - çelpek toýundan.
Kä agladyp,
käte-käte söýerler,
Satylmany şol wagt boýna goýarlar.
Yhlas bilen
iş öwreder ejesi,
Gündiz keşde, ik egirder gijesi.
Ýüñüñ gowsun
darap, çüprek tüýtmesin,
Dokma ýüwrüp, gerip haly çitmesin.
Mahlasy birkemsiz
ugradyp işe,
Öz gözünden salman, saklar hemişe.
Göze görnüp
ýetişensoñ gyz halky,
Gülüp-oýnap gezmäge ýok hiç haky.
Adam barka
geplemäge utanar,
Myhman gelse, derrew beýlesin döner.
Elek-çelek
bakmaz, dört ýana garap,
Gabagyn galdyrman otyr sülmürap.
Dört tärim,
el işi bir tenha özi,
Täleý-takdyr hakda diñlenmez sözi.
Şeýleräk
bolsa-da gyzyñ ykbaly,
Aýry bolar garyp, baýyñ ahwaly.
Barly ýerden:
baýdan, beginden, handan,
Sawçy gelip başlar o ýan-bu ýandan.
Alandan soñ
gelýänleriñ habaryn,
Sorarlar düýplüje tanşy bar ýerin.
Diýerler:
"Nesibäñ bolsa ýetersiñ,
Gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyñ".
Derñärler,
nähili kowmun-tiresin,
Iglik-gulluk, soñam boýun-göwresin.
Azajyk göz
ýetse bir şikesine,
”Gelme” diýip, ýol taparlar dessine.
Göwün ýetse,
bar zadyna ýerbe-ýer,
”Güýjüñ bolsa, diýrler: durma, geliber!”
Kesmek üçin
gyzyñ malyny uly,
Ýygnanşyp gelerler dört-bäş ýaşuly.
Gyz atasy
çagyr kowum-gardaşyn,
Ýaşuly, ýaşkiçi, ýakynyn, daşyn.
Ikiýan gerilşip
çaý-paý içerler,
Ýüzden-ýüzden gyz galyñyn biçerler.
Sanarlar
ummasyz beterden beter
”Ýükçi bolsañ, - dirler - bes indi göter!”
Güýçsüz bolsa,
”çak ýetmez” diýp aýdarlar,
Ýuwaş-ýuwaş pessaý urup, gaýdarlar.
Ýükçi bolsa,
hiç darykman bakarlar,
Bir-birine yuwaş çawyş çakarlar.
Diýerler:
”Eşitdik gyzyñ bahasyn,
Hany, mundan aýyrýañyz näçesin?
Aýtdyk biz
hemmeje bahañ çen-çakyn,
Indi siz aýdaýyñ näçe boljagyn!"
Ikiýandan
çekeleşip başlarlar,
Tüýs keýpden çykyp, göwün hoşlarlar.
Gelenler
kem-kemden ýokary süýner,
Gyz taýy howlukman pessaýlap iner.
Bir ýany
diýr: ”o bolmasyn, bu bolsun!”
“Ýok, o bolmaz, o bolmasyn, bu bolsun!”
Ertirden
agşama ikiýan tartyp,
Barlyşyk ýasarlar bir çene eltip.
Agzaşarlar
hemme halat-serpaýyn,
Goýun, tüwi, baryn gandyny-çaýyn.
Mal geçirmek
üçin sähedin belläp,
Gaýdarlar bar zadyn ýerbe-ýer telläp.
Gyz otyr
daş çykman başga bir öýde,
Gaýgyly, hasratly, muñ hili köýde.
Käýinip bir
özi örtenip-bişer,
Güýçli üýşýän ynjy ýüregne düşer.
“Atam-enem
meniñ işim görýärler,
Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler.
Men pahyr
bir boýny bagly goýun-la!
Satyljagma dogaly gün boýun-la!
Ýokmy maña
öz obamda hyrydar?
Bagtym gara däldir, özüm bir myrdar?
Aýtsalardy
Annamyrada gel-ä…
Meni aljak oñat ýigit ýok däl-ä.
”Razymy,
razy däl?” - menden sorýan ýok!
Söwda eýýäm bişdi, gutardy bir çäk!
Ýamanlygy
ýokdur atam-enemiñ,
Dymmakdan başga ýok alajym meniñ!
Hyýal eden
barmy gyz göçürmäge,
Ýygnanşyp gelerler mal geçirmäge.
Gyz atasy
ýygnar ýene kowmuny,
Sanap almak üçin gyzyñ malyny.
Ýigit taýy
sanar başdan gyrany,
Çekip ýygnar gyz taýynda durany.
Utanjyndan
gyz galdyrman kirpigin,
Ýeññesi tarp edip, ýapar serpigin.
Gelin utansa-da,
uýalyp gaçmaz,
Hakyn bermeseler, serpigin açmaz.
Pul alansoñ,
durman o taýdan gaçar,
Syryk bilen dürtüp, serpigin açar.
Bäşden-bäşden
gyran sanýan dogrulap,
Käbirjigin alyp galar ogurlap...
Sanalansoñ
puly halta jaýlarlar,
Gyz pahyryñ suýjüligni paýlarlar.
Gelinaljynyñ
günün belli ederler,
”Işi bitdi” diýip, öwüp giderler.
Çykjak gyzyñ
gyzlar üýşüp daşyna,
Gülüp, oýnap, timar berler başyna.
Hersi bir
zat tapyp jykyrdar olar,
”Alnyñ hak açdy” diýp degişer, guler.
Bu gyzlara
gelip gaty gahary,
Gyşa döner onuñ alabahary.
Içinden käýinip,
ot alyp ýanar,
Her sagady aýa, ýyllara döner.
”Ýer çeken,
bedibagt, maña dözenler,
Meñ günüme düşüñ, gedaý gezenler!”
Gelinaljynyñ
geljek pursaty ýeter,
Uzyn gije aglap hasratda ýatar.
Ertir irden
turar gamly, gaýgyly,
Alar gyzgyn demin uludan uly.
Söwüş
goýnuñ birnäçesin öldürler,
Kimi agladarlar, kimi güldirler.
Obadaşlar
häzirlener ýygnanyp,
Oglanlar taýynlar kesek, begenip.
Atbaşçylar
topar tutup gelýändir,
Oglanlar urmaga öñün alýandyr.
Salarlar
kesegi dazyrt-da-dazyrt,
Atbaşçylar goýbär dabyrt-da-dabyrt.
Atbaşçylar
atyp tüpeñ pagtabent,
Gorkuzsa-da, keseklärler bolmaz pent.
Kä oglany
kowalap, öýe dykarlar,
Käbirini ýabysyndan ýykarlar.
Hatar tutup,
geler gelinalyjy,
Gyz-gelinler taýýar geýim ýolujy.
Oba ýetmän
düýelerden düşerler,
Hemmesi bir çogdamlanşyp üýşerler.
Topbak tutup,
gerler öýuñ işigne,
Garanjaklap, ykjamlanyp eşigine.
Üýşüp
duran gyzlar gapyda hatar,
Her haýsy biriniñ geýminden tutar.
Töwerekden
galdap gelinaljyñ daşyn,
Ahmal edip, açar käbirniñ başyn.
”Heý, siziñ
bir!” - söze gyzlar dagaşar,
Gelinaljylar öýe girip ýerleşer.
Ur-tut biýrler
gantly çaýdyr palawy,
Göreş tutar kelpeñiräk kelewi.
Gelnalyjylar
”käse hakyn” alansoñ,
Ownuk-uşak ”ogurlap” jübä salansoñ,
Ugrarlar
gapydan ýekeden çykyp,
Gyzlar eşik ýyrtar, ahmalna bakyp.
Gyzyñ bu
wagt böküp durar ýüregi,
Geçmez bokurdakdan çeýnän çöregi.
Bilmez neneñsikä
oña boljak är,
Ýüregi dyngysyz towsyp, tarsyldar.
Bütin dünýä
ömür boýy ýoldaşy,
Ganymat bir ýigit bolsa ne ýagşy.
Nega saz
bolmasa, onki synasy,
”Dat gününe” daralar oñ dünýesi.
Gapa baryp
öý hakyny tölärler,
Gyz pahyry köne dona dolarlar.
Getirler
göterip palas üstüne,
Ýeññeleri üýşer ýanna dessine.
”Tur” diýseler,
diýrler: ”Ber palas hakym!
Bermeseñiz, turara ýok hiç çakym!”
Süýrärler
palasy ”göter-hä, göter!”
Şol wagt biri idip, bir düýe getir.
“Mün! – diýerler,
soñ geline – dessine!”
Göterip mündirler düýäñ üstüne.
Ugramakçy
borlar, gallap daşyny,
Tutarlar ”pul ber” diýp, düýäñ başyny.
Berip, berip,
düýe başyn sypdyrlar,
”Haýt, janawar, ýör yzyñy tap” diýrler.
Alyp gyzy,
saýlanarlar obadan,
Gelýändir bu adat ata-babadan.
Gyz adyny
taşlap, ”gelin” dakarlar,
Her kim bir zat diýip için ýakarlar.
Meselem,
biri diýr ”ýigdimiz kel, kör”,
Gelne bakyp aýdar: ”anha, ony gör!”
Gözmonjygy
ýaly, Aýyñ bölegi!
Ýazgydy ters, duş bolmandyr dilegi!
Ýalandan
janygyp, uzadyp elin:
”Mynasypmy?” diýer, - şuña şu gelin?!
Gör nirlere
seniñ nesibäñ çeken?
Heý, biçäre - diýär,- bagtyñ pes eken!
Barar gelin
bürenjegne ýapyşyp,
Atbaşçylar hezil eder çapyşyp.
Gelnaljy
geçäýse oba duşundan,
”Aklyk” diýp tutarlar düýe başyndan.
Gyz-gelin
ýygnanyp, öñden çykarlar,
Gelin görmek üçin düýe çökärler.
”Tüweleme,
tuf! - diýerler - Aý ýaly!
Mañlaýy giñ , gaşy misli ýaý ýaly!”
Obanyñ gyrasy
çala görnenden,
Ýa-da uzagrakda bir menzil çenden,
Şonça
baýrak berjek diýip bellärler,
Öñatlyny - öñbaraga ýollarlar.
Oba adamsy
iç-daşary çykyşyp,
”Wagty boldy” diýip, ýola bakyşyp,
”Anha, gelýär
öñürdikläp öñatly”
Ýyndam atlar biri-birinden batly.
Eñişip
atlylar tozan turuzýar,
”Gelýa” sözi hemme adamy örüzýär.
Oba öñünden
geçerler okkesdirme,
Biri-birne diýip: ”adam basdyrma!”
Diýseñ: gelin
alýanyñ öýi bu taýy,
Atdan düşüp, gelip alar toý paýy.
Atbaşçylar
geler pagtabent atyp,
Gelnalyjylar geler bir ýandan ýetip.
Gelin-gyzlar
üýşüp çykar öñüñden,
Düşürip düýeden, tutup ýeñiñden.
Getirler
geliniñ daşyny gallap,
Bir aýal pişmeli saçagyn elläp,
Penjeläp,
gelin üste seçer pişmesin,
Dagadar owunjak gyzlañ üýşmesin.
Ýere düşen
pişmeleri çöplärler,
”Toýdan- topukça” diýp, iýip geplärler.
Üýşmek
tutup, gelni getirler gapa,
Hetdiñ bolsa, göreýin sen ýol tap-a!
Ýaglyk almak
üçin gapy saklarlar,
Sanap görüp, näçedigni çaklarlar.
Her birine
ýaglyk berip sowarlar,
Bulary gapydan şeýdip kowarlar.
Idekläp ol
gelni, meñzedip köre,
Girdirip gapydan, geçirler töre.
Gelnalyjy,
atbaşça gant bilen çaýy,
Toý eýesi ile paýlar toý paýy.
”Gözüñ aýdyñ,
how!” diýp jarçy gygyrar,
”Baýrak” diýp mergenler hatara durar.
Almyt isleýän
kändir, her dürli ýygyn,
Sorarlar ýigitler ýüzük baýragyn.
Her haýsyna
berler baýragy telläp,
Oturandyr ýigit bir öýde pallap.
Uludan-uludan
alyp demini,
Oýlanyp gelin ýanyna barmañ çemini.
Tizräk bir
habar bilmäñ kastynda,
Munuñ-da ýüregi suwuñ üstünde.
Bilenok getirlen
niçik-neneñsi?
Bir birinde bihabarlyk bir geñsi!
Nämüçin bu
gelni ozal görmändir?
”Alsamdym” diýp, oña göwün bermändir.
Çagyrlar
mollany nika gyýmaga,
Ikisin bir- birine boýun goýmaga
”Yhhym” diýip
molla geler ardynyp,
Garyp-gasar daşda gezer derdinip.
Olañ ýeri
çetde ojak başydyr,
Galan-gaçan, artan hörek aşydyr.
Girer öýe
çişip, bäş-on ýaşuly,
Seretseñ abatdyr olaryñ july.
Bellärler
iki adam pyýada kazy,
Giden bolar gyzdan almaga sözi.
Salam berip,
ol sowfyny sanarlar,
Jogap üçin gelni biraz ýanarlar.
Gyssarlar
birnäçe adam görkezip,
”Nika wekilligiñ kime berdiñ?”diýp.
Gaýtalarlar
şunça razy bolynça,
”Pylana” diýip, açyk jogap berinçä.
Jogaby tabşyrlar
gelip märekä,
Mundan soñ giderler ýigide baka.
Pyýada kazylar
gelip otyrlar,
Iki ýanyñ wekilligin getirler.
Nika suwy
ortadadyr ezilgi,
Üstüne pulluja ýaglyk ýazylgy.
Okar molla
Abolbaşar hutbasyn,
Wekiller jogap biýr razylyk sesin.
Nika wagty
elindedir synnysy,
Öýüñ artbaşyna geçip ýeññesi.
Açyp”bagşylaryñ”
serin-sepini,
”Şatdyk-şatdyk” edip, keser ýüpüni.
Hutbadan
soñ nika suwun aýlarlar,
Her adama bir ýuwdumjyk paýlarlar.
Kazylara
berler pully ýaglygy,
Gidip-gelen ýerne diýip aklygy.
Getirler
ýigidi gelniñ üstüne,
Ýeññesi-de elleşdirer dessine.
”Ak-gök geýdirme”
diýp, berer nesihat,
Aýdar: ”gelniñ bilen maksadyña ýet!”
Ýigit ýöne
otyr öñki ýerinde,
Jahyllar ýygnanyp, töwereginde.
Täzeden dartañrak
edip geýdirip,
Guşarlar guşagyn müñ düwün edip,
Gelin pahyr
galar güman içinde,
Äşgär zat ýok – galar duman içinde.
Ünjä goýan
bir zat bolar gelini,
Ýat ýigide tutdurarlar elini.
Götergiläp
ýañky ýigdi getirler,
Gütüledip gelin ýanynda ýatyrlar.
”Çykar” diýer
ýigit ädigin uzadyp,
Aýagyn gaýşardyp, goýar dyzadyp.
Bir diýende
gelin asmasa gulak,
Gütüledip, depip goýberşi telek.
Çykarmaga
gelin ädigin çeker,
Çekdikçe aýagyn gaýşardar ýeser.
Aýal-erkek
syn ederler üýşüşip,
”Çykarmany oñaranok” diýişip.
Ädikden soñ
guşagyna ýapyşar,
Iki bela üst-üstüne sepişer.
Guşagyny
çözjek bolup dyrmanyp,
Ujun tapman, azar görer sermenip.
Ýigidiñ eline
gamçy tutdyrlar,
”Eliñde bar edeniñi et” diýrler.
Ýigit urup,
gelin-gyzy gamçylap,
Ura-ura çykar, gamçysyn bulap.
Ýeke galyp
iki ýatlar bir öýde,
Her haýsynyñ göwni başga bir köýde.
Pessaý-pessaý
ýigit gelne söz goşup,
Gyşararlar bir ýassyga baş goşup.
Ýuwaş-ýuwaş
bir-birine ýanaşar,
Iki ýatlar ýuwaş-ýuwaş tanyşar.
Ýigit ýakyp
çöpün, janyny barlar,
Ýüzün görkezmejek bolsa-da, dyzar.
”Aýyr eliñ”
diýer, bakman sözüne,
Gelin utanyp, elin tutar ýüzüne.
Ýigit aýrar
gelniñ elin zor edip,
Barlar janyn kemallyja seredip.
Göwne ýaksa,
elin salar boýnundan,
Ykjam saklar, hiç goýbermez goýnundan.
Gelin ýigde
seretmäge uýalyp,
Jany aram tapsa, goltugna dolup,
Gujaklaşyp,
bir-birine gysyşar,
Mähri-şypa ikarada ösüşer!
Deñ bolsalar,
biri-birin halaşyp,
Uzak gije dañ atyrlar dalaşyp.
Şatlyk
bilen gijelerni geçirler,
Ikaradan gaýgy-gamy göçürler.
Ertirden
soñ gelin añyrsyn bakyp,
Düýpde oturar, iññe-sapagyn dakyp.
Ýigidiñ ýanyna
üýşüp deñ-duşy,
Tapar gelin üçin bir topar işi.
Biri çekip,
ýigdiñ bagjygyn ýolar,
Ýene biri oña kömekçi bolar.
Bagjyk dakdyr
ýigit bulañ gaşynda,
Bürenjek sümre bor geliniñ başynda.
Ondan soñ
diýerler: ”görkez gelniñi!”
Gelin-de ýygrylyp, gizlär özüni.
Ýigit turup,
gelni pugta gujaklap,
Zor bilen başyny dönderer dolap.
Bürenjegin
serpip, ýüzün görkezer,
Her kim gelse, şeýdip, bu gelne dyzar.
Gurby ýeten
berer ullakan baýrak,
Şaýyn tutup, çykyp obadan gaýrak.
Uly- kiçi
toýa baka ýörärler,
Iki ýanlaýyn durup, ýaryş gurarlar.
Ikibirden
goşup, köp at çapdyrlar,
Märekäñ gözüne tozan gapdyrlar.
Tegelek ortada
guralyp göreş,
Baýrakdan soñ oba ederler ýöriş.
Gyzlar gelni
käte çykar meýdana,
”Kapaslandyr, seýl etsin – diýp, - jahana”
Görjek aýal
gelip, ýüzüni açar,
Şonlyk bilen ýene iki-üç gün geçer.
***
Baş
salmaga aýal-gyzlar üýşerler,
Haýbat atyp, bir-birine çişerler.
Gyz-gelinler
tutar gelin tarapyn,
Aýallar bir ýanda düzeder sapyn.
Iki arada
bolar ullakan göreş,
Isleseñ göreşdir, isleseñ ýaryş.
Aýallar bir
dony alyp eline,
Ýapjak bolup topularlar geline.
Gyz-gelinler
ýapdyrmaga goýmazlar,
Uzak gün dalaşyp keýpden doýmazlar.
Bir gelin,
bir aýal çykyp arada,
Göreşip synanşar ýeñmek barada.
Topulşyp
iki ýan bütin garyşar,
Bir-birine ”arslan” kimin daryşar.
Bulaşyp
saçlary, galam-gaşlary,
Börük gaçyp, açyk galar başlary.
Ahyrynda
ökde gelip aýallar,
Don büräp, geliniñ daşyny gallar.
Gutarlar
bu oýny gelne baş salyp,
Bererler bir gyza tahýasyn alyp.
Gelin bilen
ýigit ýaşar birigip,
Barar şeýdip, bäş-on güne syrygyp.
Gyz taýyndan
geler bir gün çagyrjy,
Ýigit gizlenmeli, ýokdur iki ujy.
Olar munda
bir gün bolup gaýdarlar,
”Elteris gelni, pylan gün” diýp aýdarlar.
Bir aýdan
soñ çelpek ýapmaly bolar,
Gyz-gelin ýygnanyp, şol öýe geler.
Oturup hamyrdan
çelpek ýaparlar,
Bir ýandan bişirip, birlaý doýarlar.
Birdenkä
gapydan ýaş-ýeleñ girip,
Gaçarlar gazanyñ çelpegin syryp.
Atasy öýne
indi gelni gaýtarlar,
Söwüş-serpaý bilen eltip gaýdarlar.
Öýlerinde
gelin iki-uç ýyl gezer,
Haly, çuwal-parça sepini düzer.
Taýynlar
şaý-sepin, harç edip ençe,
Gaýtarmazlar tä bahasyn üzünçä.
Ýigit barar
ogryn gelin yzyndan,
Enesi hiç ahmal däldir gyzyndan.
Çörek berip
barar, ite duýdurman,
”Ýa hudaý!” diýp çeker arzuw hem arman.
Sandyraklap,
ýuwaş girip gapydan,
Pessaý basyp barar gelniñ çepinden.
Garanjaklap,
ýakyp otly çöpüni,
Razy eder tapyp gelniñ gepini.
Boýun burup,
ýalbar, gelnin çykarar,
Çöle çykyp, ondan hal-ahwal sorar.
”Işlemese”
ýigdiñ bagty bu ýerde,
Başagaýlyk bilen galar köp derde.
Ahmallykda
birden gapy takyrdar,
Aýagy ilip ýa-da bedre şakyrdar.
Ýigdiñ gelenini
derrew duýarlar,
”Aýt derrew, ahaw kimsiñ?” diýerler.
Çäre tapman,
ýigit diýer ”tanalýa”,
”Garañ görünmesin, ” diýerlar ”bolýa”.
Gaharjañrak
bolsa gyzyñ atasy,
”Uruñ!” diýip, çasly cykarar sesi.
Dümly-duşdan
turup, muny kowlarlar,
Işi gaýtsa, hökman tutup urarlar.
Iderler howutlap
”haýt, çüw” edip,
Ýada berk urarlar, tultuk suw edip.
Zordan sypyp,
ýigit zeýrenip gaýdar,
Bolan işi gelip öýlerne aýdar.
Munuñ üçin
iki arada bolmaz jeñ,
Çünki bu iş aýyp däldir hemde geñ.
Gelin geler
ençe wagtdan soñ gaýdyp,
Ýigit azar bermez, urulşyn aýdyp.
Öy içiniñ
ygtyýary gelinde,
Ýüpek atlaz, pürçük bar zat elinde.
Onda-da är
sözi ökde aýala,
Deñlik sözün getirmezler hyýala.
Razydyr ”kemligine”
aýal ärinden,
Mydam ”bazar eýläp gezer baryndan”.
Bu dogurda
bir gep ýokdyr diýesi,
Uzak çekmez bular oglan eýesi.
Käte çanak
çakyşsa-da öýünde,
Ýalaýsa-da sögünç, taýak teýinde.
Içinden diýr:
”är-aýalyñ uruşy” -
Geler, geçer ýaz gününiñ ýagyşy.
Bu barada
şeýle diýmek hem gerek:
Barly ýerleñ aglabasy şeýleräk.
Kändi o döwürde
garyp ýaşýanlar,
Durmuş gämisini zordan daşýanlar.
Garyplaryñ
garyplygy geñ däldi,
Ýeri eliñ aýtymyndan giñ däldi.
Hordy zähmet
çekseler-de ärlerçe,
Ýazgytlarna ynanýardy körlerçe.
Diýrdiler:
”Bagtym pes, emgegim zaýa”,
”Baýam baýa berýa, hydaýam baýa”!
Kyndy olañ
datly tagam datmasy,
Öýe aýlanmazdy maýryk çatmasy.
Garyp gyzlañ
ters gelýärdy täleýi,
Bolýanlary kändi murdar heleýi.
Garyplyk
durmuşa awy gatýardy,
Ne gözeli dula, goja çatýardy.
Aç gyrmazlyk
üçin çülpe çagasyn,
Şatmaga mejburdy gözel balasyn.
Garyp gyzyn
berse bir aç gallaja,
Gurplanmak hyýaly çykýardy puja.
Bir garyba
berse deñ-duşy diýip,
Syna sagdyn, akyl-huşy bar diýip.
Ömür boýy
aç-ýalañaç galjakdyr,
Maýryk çatma oña zyndan boljakdyr.
Mydam ýüzer
agyr oýlañ küýünde,
Ýugurlyk un ýokdyr onuñ öýünde.
Pul, elbet,
ýapýardy köp aýyplary,
Gyz satyn alýardy baý maýyplary.
Pul köre
göz biýrdi, lala saýrak dil,
Puluñ penjesinde soldy ençe gül.
Emma gyzy
pula bermek bir hili,
Gyzyñ satyp ömür sürmek bir hili.
Muña çäre
gözläp garyp hem gallaç,
Gyzyna dözmese, tapmady alaç.
Pul bolsa
ýamasy bitjek ýalydyr,
Maksad-myradyna ýetjek ýalydyr.
Şeýdip
garyp gyzlar örän harlandy,
Zulum, sutem, gamçy astynda horlandy.
Bu hakda-da
birki agyz aýdaly,
Ilki duşan ýerlerinden gaýdaly.
Baý garyby
hiç özüne deñ saýmaz,
Duşan günden harlamany geñ saýmaz.
Getirlende
ilki gelniñ ýanyna,
Gaty çişip, sygman geler donuna.
Üýşmeleñde
öz-özünden ýel alar,
Epeýlenip, bolup bilenin bolar.
Turuwbaşdan
çişip gelniñ üstüne,
Derrew girer gorkyzmanyñ kastyna.
”Ädik çykar”
diýip, ony hürseklär,
Ýersiz-ýere biçäräni tirseklär.
Öz bolşuny
görenlere göz eder,
”Çykar” diýip, aýagyny uzadar.
Gelin heniz
aýlanmanka bärsine,
Bilgeşländen tutan bolar tersine.
Hütüledip
deper ýatan ýerinden,
Gyzyñ ilki almytydyr ärinden.
Gyzyñ dert
üstüne derdi sepişer,
Alaç tapman ädigine ýapyşar.
Gül ýaly
jenany horlar ol, arman,
Dyzyndyryp goýar, ädigin bermän.
Añsat däldir
çözmek çigşen guşagy,
Köşedäýmek kyndyr kelpeñ eşegi.
”Tüweleme”
diýer, çyksa synçylar,
Ýüzden derin sylyp biraz dynç alar.
Öýde ýeke
galar diñe iki ýat,
Gyz içinden çeker dat bilen perýat.
Ýigit birje
hoş söz aýtman geline,
Näme ilse, salyp goýbär goluna.
Ýüreginde
ýaman niýetin beklär,
Näzijek bedenden burar, çümmüklär.
Elden gelen
zulmun eder geline,
Aýdyp goýbär näme gelse diline.
Göýä gyrgy
penjesindedir gelin,
Hiç hossary ýokdur aýdara halyn.
Zarynlar
hiç ýerden bolmaz bir jogap,
Ata-enesinden ýüregi awap.
Aýdar öz
içinden:”Eý, enem-atam,
Şunça zulm etdiñiz, nämedi hatam?
Naýynsap
taganna gazan ataryp,
Eñterdiñiz meni, aşak iterip.
Baý malyna
gyzyp, meni satdyñyz,
Teññesini sanap, jübä atdyñyz.
Seljermän
kimdigin maña är boljak,
Berdiñiz doñuza taşlandy ýaljak.
Ene-ata perzendini
şeýdermi?
Şeýle zulmy heý-de ynsan edermi?
Men balañyz
dälmi eýse bu geñle,
Garagñyz gapdymy jyññyrdan teññe?
Gezerdim
men torguş kimin bakjaklap,
Boz sähranyñ jereni dek bökjekläp.
Arman, geçip
gitdi menden o döwran,
Ýok-la mende golaý-goltum, dost-ýaran.
Näýynsap
eline geldim-de düşdüm,
Wah, arman nädeýin, ýandym-da bişdim.
Men bir ejiz,
ol üstüme gygyrýar,
Gitdigiçe beter çişip gabarýar.
Garyp gyzy
bolmagym meñ aýypmyş,
Meniñ oña duşmagym-da haýypmyş.
Dişini
syrtardyp, dalýar ýyrtyjy,
Elimde erkim ýok, tenimde – gamçy.
Ertir turup
ýeñsesini tüññerdip,
Gepleşmän, telpegin geýer zoññardyp.
Deñ-duşlary
gelse onuñ ýanyna,
Edermenlik edip, sygman donuna,
“Ahaý! -
ysnat getirme sen äriñe,
Aç ýüzüñi, dolan derrew bäriñe!”
Oýlanman
soñunyñ näm boljagyny,
Gazap bilen dartar bürenjegini.
Şaýly
börük töre bakan myçylar,
Gelniñ ýüzi-ha däl, başam açylar.
Günde azar
berip geçir bir aýyn,
Keýp eder bu bolşa bolgusyz gaýyn.
Gije-gündiz
ýaşly bolup gözleri,
Ak ýuwha dek bolar gelniñ ýüzleri.
Gaýtarlansoñ
käte baryp yzyndan,
Gaýynlarny bizar eder gyzyndan.
Utanmaz ýaman
iş, ýüz garalykdan,
Çekinmez her hili masgaralykdan.
Keser serpik
bagyn, taýyn dokmasyn,
Edermenlik biler ýanlyk dökmesin.
Gaýny bilen
ýersiz ýere sögüşer,
”Bolýa-da!” diýp gelniñ üstüne çiser.
”Bolýa-da”
sözünden galyp kän derde,
Gelin pahyr aglap galar bu ýerde.
Ah nädeýin,
gara mañlaý, şum bagtym,
Ölüp gitsem gowy dälmikä gaýtam?
Ýadymdan
çykmandy öñki azary,
Ýene gelip gurdy köne bazary.
Il içinde
barmy, kesýän dokmany?
Kişilikden bilýän gatyk dökmäni?
Etjegini
edip, diýýär bolýa-da,
“Bolýa-dadan” ýürekde dert galýa-da…
Ýuregim ot
alyp ýanýar-la bagrym,
Meniñ günäm näme, eý uly Tañrym?
Ýazygym näm
boldy, bagtym garaltdyñ?
Bir zalym ajdaryñ agzyna atdyñ!
Käşgi
ýetmän ol zalymyñ destine,
Girsemdim men gara ýeriñ astyna!
Meni mal
ornunda görýär ol zalym,
Ah, bilemok, niçik bolarka halym?
”Bir özüm”
diýp, düşünmeýär biçäre,
Müñläp garyp gyzy duşýar şeýle äre.
Gelin gaýynlarna
gaýdyp gelensoñ,
Gyrgyñ penjesinden sypman galansoñ.
Doluşan
gunçasyn gülüp açmanka,
Saralar-da solar zaman geçmänkä.
Äri her gün
turşardar-da ýüzüni,
Pälin bozup, alardar-da gözüni.
Zat ýok ýerden
geçip gelniñ daşyna,
Bigünäniñ oýun getir başyna.
Ýersiz ýere
bu pahyry taýaklar,
Kä göwrede gezer gödek aýaklar…
Ýokdur gelniñ
haky garşy durmaga,
”Haklydyr” är halan wagty urmaga.
Otursa: ”tur”
tursa diýer: ”gel otur!”
Berse, ”äkit” diýer, äkitse: ”getir!”
Buzdan tozan,
tozandan-da buz arar,
Häli-şindi kän yrsarar, kän darar.
Garyp gyzy
gara görner gözüne,
Asyl-ha mynasyp saýmaz özüne.
Diýer: ”edep-terbiýäni
bileñok,
Akylyñ ýok, berilse-de alañok.
Heleý däldir
belki seni doguran,
Arwah-jyndyr palçygyñy ýuguran.
Seniñ bilen
ýaşap bilmesem gerek,
Öldürsem ganyñdan soralmaz derek.
Täze heleý
alaryn men üstüñe,
Iýjek nanyñ döwüp berer destine.
Kir ýuwarsyñ,
kül süpürer-atarsyñ,
Itiñ ýatýan ýatagynda ýatarsyñ!”
Aýal-gyzy
hak-hukukdan kesen kim?
Uran, ýenjen, öldüren hem asan kim?
Ruhany, namalar
dälmi baglanlar,
Näzeninleñ ýureklerin daglanlar.
Aýal-erkek
bir däl diýip Kuranda,
Ýarym hak belledi kokun-gurbanda.
Şaýatlykda
bir är ýerne - iki aýal,
Gulagy ker, gözleri kör, dili lal,
Mirasdan-da
gyzyñ haky ýarym paý,
Dört aýal almaga hakly bir bet baý.
Satyn alan
maly – ursun, öldürsin,
Maşgalada är ärligin bildirsin.
Baýlar şol
”kanuny” doga edinip,
Aýal garşysynda arslana dönüp,
Guýruklarny
bulap, arlap gezdiler,
Aýallary asyrlarça ezdiler.
Din zynjyry
aýal-gyzy torlapdy,
Baýlar ejizleri niçik horlapdy!
Baý ýerde
har bolar garybyñ gyzy,
Gaýnenesi, gaýyn ata, baldyzy,
Hemmejesi
uçdantutma baýardyr,
Urup harlamaga mydam taýýardyr.
Her haýsysy
bir ýanynda lagyrdar,
Näm etjegin bilmän, gelin zagyrdar.
Gaýgydan,
hasratdan egilip başy,
Gije-gündiz dynman akar gözyaşy.
Dula bakyp,
başyn çümre bürenip,
Perýat eder durmuşyndan zeýrenip.
”Garyplykdan
köýdüm, eý atam, enem,
Muñlerçe gyzlar dek çüýredim menem!
Tutmaga elim
ýok, gaçmaga aýak,
Iñ ýakyn hossarym - tenimde taýak.
Janym eje,
bir mähriban ýok maña,
Aglap ölýän ilkagşamdan tä daña.
Eý hudaýym,
meni betbagt ýaratdyñ,
Ýaratdyñ-da, doñ ýürege ýal etdiñ!
Ýa-da sen
hem para-peşgeş aldyñmy?
Teññesini goltuguña saldyñmy?
Baýlygy nämüçin
berýäsiñ baýa?
Basgylatmak adyllykmy hudaýa?
Gylaw berýar
oña altyn teññesi,
Ýene birin alaý diýer ýeññesi.
Goý, jahennem,
alsyn ýene ikisin,
Menden elin çeksin, kessin dessesin.
Hiç bir ynsan
çekip bilmez bu zulmy,
Bu ömürden añsat görjek ölümi…
Ýa bir düýpsüz
guýa eýse özümi
Başşak zyñaýynmy, ýumup gözümi?
Ýa bir ýurda
gideýinmi baş alyp,
Ýigrenji durmuşdan aramy bölüp?
Ýagşy,
çykdym gitdim nirä baraýyn?
Kimden haraý, kimden kömek soraýyn?
Yzymdan at
salyp hökman ýeterler,
Saçymdan ýapyşyp, süýräp getirler.
Öñküden aýylganç
zulma başlarlar,
Belki el-aýagym güýlüp taşlarlar.
Şum
bagtymyñ heý çyrasy ýanmazmy?
Durmuş üýtgäp, maña döwür dönmezmi?
Jan jellady
zyndandan bir çyksamdym,
Giñ jahana höwes bilen baksamdym.
Ah, nädeýin,
gara boldy mañlaýym,
Ýaýa döndi çybyk ýaly dik boýum.
Gije-gündiz
dynman çekip endişe,
Tä ölünçä şu boluşdyr hemişe.
Pul döküp,
mal berip, etmezden haýal,
Baý ogly ýene-de alar bir aýal.
Birden sulhy
alsa eger soñkyny,
Itden beter dalar gezer öñküni.
Şeýdip
baýlañ hiç galmazdy armany,
Garyp gyzlar bordy zulmuñ gurbany.
Bedasyllañ
nemunasy ne ýaman,
Gyz pahyra berýan zulmy, eý aman!
Göwnümiñ
guwanjy türkmen gyzlary,
Öten zaman kän horlady sizleri.
Zalym baýlar
berip goýun, pul, düýe,
Iki-üçüñiz ýygyp, dykdy bir öýe.
Ygtyýary
eliñizden aldylar,
Deñlik bermän, bürenjege saldylar.
Urup-ýenjip
maksatlarna ýetdiler,
El-aýagñyz maýyp-müjrüp etdiler.
Kä biriñi
ýersiz-ýere öldürip,
Gara ýeri gyzyl gandan dolduryp,
Kimiñi kesdiler,
kimi asdylar,
Mähirsiz zalymlar guma basdylar.
Gara gözler,
güler ýüzler, ýaý gaşlar,
Hünärli barmaklar, döküldi dişler.
Emma indi
geçdi senden ol zaman,
Eý gözel gyz, töweregñe bir garan!
Öñki zulum,
öñki jebir hem jepa,
Başyn alyp gitdi, gelmesiz gapa.
Partiýamyz
seniñ bagtyñy açdy,
Oktýabryñ dañy sönmez nur saçdy.
Tiz tur indi,
gal ýeriñden ýaýdanman,
Talap eýle hakyñ deñ-duşdan galman!
Bilim alyp,
azatlyga tut ýüzüñ,
Kem tutma ärlerden hiç wagt özüñ.
Deñlik size
ärler bilen her işde,
Täze bir durmuş gur, ýürekden joş-da.
Halyñ öwşün
atsyn, ösdür sen käriñ,
Dünýäni bezesin meşhur hünäriñ!
Azap ýok,
zulum ýok, rähnet seniñki,
Erkana söz, azat zähmet seniñki.
Ykjam ýapyş,
kän iş bagly aýala,
Bu azat durmuşda ornuñ eýele!
Solmarsyñ
sen, täze açylan gülsüñ,
Saýra watan bähbidine bilbilsiñ!
çeşmesy:gunesh
saity