تورکمن صحرا مدیا
www.turkmensahramedia.com
info@turkmensahramedia.com
|

10 اسفند 1385
گورگن

قربان نظر عزيز


پنچشنبه، مارس آیی نینگ بیرنجی گونی، قربان نظرعزیز ینگ بولان گونی. قربان نظر عزیز تورکمن ادبیاتینینگ اولی دوردیجی لرنینگ بیری دیر. بو ذهینلی و پاراستلی شاهیرینگ یادنی حورمتلاپ «سرپای» دیین غوشغی سنی بارینگزه هودرله یارس.


SERPAÝ

Söýüň meni -ürek söýgi küýseýär
Şeýle bir küýseýär-ýok çaky-çeni
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen
bir pursatlyk söýüň siz meni

Maňa kän zat
Uly bir zat gerek däl
Eliňizi ýüregňize goýun siz
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz

Söýüň meni -ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni

Söýüň meni -siziň sadyk guluňyz
Soňra menden size galar şeýle paý
Men size bahasyz serpaý ederin
Şalaryň elinden gelmejek serpaý

 


سایت ینگ آدئنی آیدیب یازغی لرندن قوللانیب بولار