28
شهريور 1386
Ak
Welsapar, türkmen ýazyjysy
Belli türkmen ýazyjysy Ak Welsapar 19-njy
sentýabrda 51 ýaşyny doldurýar. Biz bu sene mynasybetli
ýarym asyry arka atan ýazyjymyz bilen ýörite intervýu
geçirdik. Siz bu gün biziñ internet saýtymyzda ýazyjynyñ
terjimehaly we jomga guni(21-njy sentýabrda) şol intervýu
bilen tanşyp bilersiñiz!
Ak Welsapar 1956-nji ýylda Türkmenistanda
dogulýar. 1973-nji ýylda orta mekdebi, 1979 ýylda M.V.
Lomonosov adyndaky Moskva Döwlet Universitetiniñ jurnalistika
fakultetini tamamlaýar. Ol 1979-85 ýyllarda Türkmen televideniýesinde
redaktor, soñra ”Magaryf” neşirýatynda uly redaktor wezipelerinde
işleýär. 1986-njy ýylda A.Welsapar Türkmenistan Ýazyjylar
guramasynyñ rus dilindäki ”Aşhabad” jurnalynyñ Proza we
Publisistika bölüminiñ müdiri wezipesine bellenilýär.
1987-89 ýyllarda ol Moskvanyñ M.Gorkiý adyndaky Edebiýat
institutynyñ Ýokary Edebiyat kurslaryny bitirýär.
Türkmen televideniýesinde işlän döwründe
ýazyjy iş sapary bilen Türkmenistanyñ ähli künjeklerinde
bolup görýär. Türkmen topragynda halkyñ ýaşaýyş şertleri,
hal-ýagdaýy bilen içgin tanyşýar. Şol döwürde gören durmuş
hakykaty ýazyjynyñ dünýägaraýşynyñ kemala gelmeginde uly
rol oýnaýar. Ol türkmen halkynyñ agyr pagta salgydynyñ
astynda ejir çekýänligini, türkmen çagalarynyñ we eneleriniñ
keselçilikden, doýa garna iýmezlikden, az ganlylykdan
köpçülikleýin ejir çekýändiklerini, bäbekleriñ ölüminiñ
ýyl-ýyldan artýanlygyny görýär. Netijede ol şol döwürden
başlap Türkmenistanyñ pagtaçylyk etraplarynda eneleriñ
we bäbekleriniñ ölüm-ýitimi hakdaky faktlary toplamaga
girişýär. Emma entek ol wagt dogruçyl faktlary metbugatda
çap etmäge senzura ýol bermeýär. Oña garamazdan, A.Welsapar
1979-njy ýylyñ oktýabrynda Türkmen televideniýesiniñ öz
önümçilik ýygnagynda pagtanyñ hökmürowanlygyna garşy ilkinji
gezek tankydy çykyş edýär.
Jurnalistiñ bu çykyşy Türkmen televideniýesiniñ
we radiosynyñ baştutanlarynda hem-de Türkmenistanyñ ýokary
ýolbaşçylygynda çuññur birahatlyk döredýär. Netijede pagtanyñ
monokulturasy we onuñ türkmeniñ başyna salan hasraty dogrudaky
hakykaty açmaga synanyşan ýazyjy ýaş başyndan kommunistik
häkimiýetleriñ we olaryñ gizlin gulluklarynyñ gara belligine
düşýär we dowamly yzarlanmalara uçraýar. Onuñ taýynlaýan
televizion gepleşiklerine, ýazýan çeper eserlerine sovet
senzurasy aýratyn berk gözegçiligi ýola goýýar. Ony dürli
bahanalar bilen onlarça gezek efirden çetleşdirýärler.
Agyr pagta salgydynyñ türkmeniñ başyndan
inderen aýylganç problemalary dogruda diñe SSSR-de Üýtgedip
gurmak syýasaty başlanansoñ, metbugatda çykyş etmek mümkin
bolýar. A.Welsapar bu mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen
çagalarynyñ tragediýasy hakdaky anyk faktlara esaslanýan
tankydy çykyşlaryna başlaýar. Oña bu problemany ilkinji
gezek 1987-nji ýylda Moskvanyñ ”Literaturnaýa gazeta”
neşirinde gozgamak başardýar. Şondan soñky çap edilen
göwrümli analitik makalalarynda ýazyjy çaga ölüminiñ artmagy
bilen gowaçanyñ monokulturasynyñ, ýeriñ, suwuñ himikatlar,
pestisidler bilen zäherlenmeginiñ arasynda gös-göni baglanyşygyñ
bardygyny subut edýär. Asly käri jurnalist ýazyjynyñ bu
problema degişli düýpli analitik makalalary Türkmenistanyñ
we Moskvanyñ iñ belli gazet-jurnallarynda çap edilýär.
Netijede onlarça ýyl ýaşyrylyp gelnen aýylganç problemanyñ
üsti açylyp, bu hakdaky faktlar bütin sovet jemgyýetçiliginiñ
ünsüni özüne çekýär.
Ýazyjynyñ ”Onuñ alyhezretleri gowaça we
respublikamyzda çaga ölümi” diýen makalasy 1989 ýylyñ
10-njy martynda çap edilensoñ, türkmen gazetleriniñ redaksiýalaryna
okyjylardan müñlerçe seslenmeler gelýär. 1990 ýylyñ 5-nji
aprelinde şol döwürde SSSR-de iñ abraýly gazetleriñ biri
”Moskovskie novosti” hepdeliginde bu tema bagyşlanan makalanyñ
ýany bilen parahat döwürde açlygyndan ölen türkmen çagasynyñ
suratynyñ ýerleşdirilmegi informasion giñişlikde edil
bomba ýarylan ýaly netijäni berýär. Bu makala we ondaky
getirilýän faktlar SSSR Ýokary sovetiniñ ilkinji gurultaýynyñ
sessiýasynda tribunadan okalýar we ýiti çekişmä sebäp
bolýar.
Şondan soñ ýazyjynyñ Türkmenistanda we bütin
Merkezi Azyýada çagalaryñ we eneleriñ ölüminiñ ylalaşyp
bolmajak ýokary derejesi, ýeriñ, suwuñ zäherlenmegi, ekin
ýerleriniñ ýüzlerçe müñ gektarynyñ sandan çykarylmagy,
infeksion keselleriñ köpçülikleýin ýaýramagy hakyndaky
ýiti tankydy makalary, ýazyjy bilen gurnalýan intervýular
SSSR-iñ çäklerinden çykyp, dünýä ýaýraýar. Şol döwürde
onuñ çykyşlary ”Edebiýat we sungat” (Türkmenistan), ”Moskovskie
novosti”, ”Sovetskaýa kultura” (Russia), ”Hürriýet” (Türkiýe),
”Asahi” (Ýaponiýa), ”Washington Post”, ”International
Herald Tribune” (ABŞ), ”The Independent” (Beýik Britaniýa),
”Dagens nyheter”, ”Svenska dagbladet” (Shwesiýa) we şeýle-de
Daniýanyñ, Gresiýanyñ, Kanadanyñ gazet-jurnallarynda çap
edilýär. Amerikan televideniýesi bu döwürde ýazyjy bilen
söz azatlygy hem demokratiýa meselesinden intervýu gurnaýar.
A.Welsaparyñ Türkmenistanda, ozalky SSSR-de
we dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapan çykyşlary
kommunistik häkimýetleriñ gonjuna gor guýýar. Olar her
edip-hesip edip, gaýtadan hakykatyñ üstüni basyrmak üçin
jan edýärler. A.Welsaparyñ garşysyna 1979-njy ýylda, entek
ol ýaş jurnalist döwründe başlanan yzarlanmalar, ýanamalar
gaýtadan tutaşýar.
Netijede ýazyjy hak sözi üçin edil Staliniñ döwründäki
ýaly Türkmenistanda ”halk duşmany” diýlip yglan edilýär.
1993 ýylyñ 25-nji awgustynda ol Ýazyjylar we Jurnalistler
guramalaryndan çykarylýar. Onuñ kitaplary gadagan edilýär
we kitaphanalardan, kitap magazinlerinden yzyna alnyp,
ýakylyp ýok edilýär.
Ýazyjy Ak Welsapar tükeniksiz ýanamalar
zerarly we gysga wagtlyk tussaglyklardan, ençeme aýa çeken
öý tussaglygyndan soñ, 1993-nji ýylyñ güýzünde dogduk
topragy gizlinlikde terk etmäge mejbur bolýar. 1994-nji
ýyldan bäri ol Europada ýaşaýar.
ÝAZYJYNYÑ GYSGAÇA DÖREDIJILIK TERJIMEHALY
A.Welsapar 1982 ýyldan SSSR Jurnalistler
guramasynyñ, 1987 ýyldan beýäk hem SSSR Ýazyjylar guramasynyñ
agzasydyr. Türkmenistanda Ýazyjylar guramasyndan çykarylandan
kän wagt geçmänkä ol Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubynyñ
hormatly agzalygyna kabul edilýär. A.Welsapar 1996-njy
ýyldan bäri Şwesiýanyñ Ýazyjylar guramasynyñ agzasydyr.
Ýazyjynyñ ”GAWUNKELLE” eseri 1984 ýylda
Türkmenistan döwletiniñ döredilmeginiñ 60 ýyllygy bilen
baglanyşykly geçirilen Respublikan Edebi Konkursda 3-nji
baýragy alýar. Şeýle-de ýazyjy 1994-nji ýylda Erkin döredijiligi
üçin Halkara Amerikan baýragyna we soñra-da birnäçe gezek
Şwed Ýazyjylar guramasynyñ Edebiýat Fondunyñ stipendýia-baýraklaryna
mynasyp bolýar.
ÝAZYJYNYÑ BELLI ESERLERI.
Romanlar: ”Gawunkelle”,
”Ahal aýak ýeterde”, ”Tilkiler tiresiniñ ary”, ”Egri gylyç”,
”Mülli Tahyryñ hudaýlygy”, ”Böwsülen tümlük”, ”Kepjebaş”.
Hekaýalar ýygyndylary: ”Halkyñ haky”,
”Gün söhlesine intizar”
Goşgular kitaplary: ”Ak öý”, ”Watanym
galdy”
Çagalar we ýetginjekler üçin kitap: ”Ak
guş bolup uçsamdym!”
Terjimeler: Omar Haýýam, “Nowruznama”
Publisistika: “Türkmennama”