|
28
شهريور 1386
Ak
Welsapar, türkmen ýazyjysy
Belli türkmen ýazyjysy Ak Welsapar 19-njy
sentýabrda 51 ýaşyny doldurýar. Biz bu sene mynasybetli
ýarym asyry arka atan ýazyjymyz bilen ýörite intervýu
geçirdik. Siz bu gün biziñ internet saýtymyzda ýazyjynyñ
terjimehaly we jomga guni(21-njy sentýabrda) şol intervýu
bilen tanşyp bilersiñiz!
Ak Welsapar 1956-nji ýylda Türkmenistanda
dogulýar. 1973-nji ýylda orta mekdebi, 1979 ýylda M.V.
Lomonosov adyndaky Moskva Döwlet Universitetiniñ jurnalistika
fakultetini tamamlaýar. Ol 1979-85 ýyllarda Türkmen
televideniýesinde redaktor, soñra ”Magaryf” neşirýatynda
uly redaktor wezipelerinde işleýär. 1986-njy ýylda A.Welsapar
Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyñ rus dilindäki ”Aşhabad”
jurnalynyñ Proza we Publisistika bölüminiñ müdiri wezipesine
bellenilýär. 1987-89 ýyllarda ol Moskvanyñ M.Gorkiý
adyndaky Edebiýat institutynyñ Ýokary Edebiyat kurslaryny
bitirýär.
Türkmen televideniýesinde işlän döwründe
ýazyjy iş sapary bilen Türkmenistanyñ ähli künjeklerinde
bolup görýär. Türkmen topragynda halkyñ ýaşaýyş şertleri,
hal-ýagdaýy bilen içgin tanyşýar. Şol döwürde gören
durmuş hakykaty ýazyjynyñ dünýägaraýşynyñ kemala gelmeginde
uly rol oýnaýar. Ol türkmen halkynyñ agyr pagta salgydynyñ
astynda ejir çekýänligini, türkmen çagalarynyñ we eneleriniñ
keselçilikden, doýa garna iýmezlikden, az ganlylykdan
köpçülikleýin ejir çekýändiklerini, bäbekleriñ ölüminiñ
ýyl-ýyldan artýanlygyny görýär. Netijede ol şol döwürden
başlap Türkmenistanyñ pagtaçylyk etraplarynda eneleriñ
we bäbekleriniñ ölüm-ýitimi hakdaky faktlary toplamaga
girişýär. Emma entek ol wagt dogruçyl faktlary metbugatda
çap etmäge senzura ýol bermeýär. Oña garamazdan, A.Welsapar
1979-njy ýylyñ oktýabrynda Türkmen televideniýesiniñ
öz önümçilik ýygnagynda pagtanyñ hökmürowanlygyna garşy
ilkinji gezek tankydy çykyş edýär.
Jurnalistiñ bu çykyşy Türkmen televideniýesiniñ
we radiosynyñ baştutanlarynda hem-de Türkmenistanyñ
ýokary ýolbaşçylygynda çuññur birahatlyk döredýär. Netijede
pagtanyñ monokulturasy we onuñ türkmeniñ başyna salan
hasraty dogrudaky hakykaty açmaga synanyşan ýazyjy ýaş
başyndan kommunistik häkimiýetleriñ we olaryñ gizlin
gulluklarynyñ gara belligine düşýär we dowamly yzarlanmalara
uçraýar. Onuñ taýynlaýan televizion gepleşiklerine,
ýazýan çeper eserlerine sovet senzurasy aýratyn berk
gözegçiligi ýola goýýar. Ony dürli bahanalar bilen onlarça
gezek efirden çetleşdirýärler.
Agyr pagta salgydynyñ türkmeniñ başyndan
inderen aýylganç problemalary dogruda diñe SSSR-de Üýtgedip
gurmak syýasaty başlanansoñ, metbugatda çykyş etmek
mümkin bolýar. A.Welsapar bu mümkinçilikden peýdalanyp,
türkmen çagalarynyñ tragediýasy hakdaky anyk faktlara
esaslanýan tankydy çykyşlaryna başlaýar. Oña bu problemany
ilkinji gezek 1987-nji ýylda Moskvanyñ ”Literaturnaýa
gazeta” neşirinde gozgamak başardýar. Şondan soñky çap
edilen göwrümli analitik makalalarynda ýazyjy çaga ölüminiñ
artmagy bilen gowaçanyñ monokulturasynyñ, ýeriñ, suwuñ
himikatlar, pestisidler bilen zäherlenmeginiñ arasynda
gös-göni baglanyşygyñ bardygyny subut edýär. Asly käri
jurnalist ýazyjynyñ bu problema degişli düýpli analitik
makalalary Türkmenistanyñ we Moskvanyñ iñ belli gazet-jurnallarynda
çap edilýär. Netijede onlarça ýyl ýaşyrylyp gelnen aýylganç
problemanyñ üsti açylyp, bu hakdaky faktlar bütin sovet
jemgyýetçiliginiñ ünsüni özüne çekýär.
Ýazyjynyñ ”Onuñ alyhezretleri gowaça we
respublikamyzda çaga ölümi” diýen makalasy 1989 ýylyñ
10-njy martynda çap edilensoñ, türkmen gazetleriniñ
redaksiýalaryna okyjylardan müñlerçe seslenmeler gelýär.
1990 ýylyñ 5-nji aprelinde şol döwürde SSSR-de iñ abraýly
gazetleriñ biri ”Moskovskie novosti” hepdeliginde bu
tema bagyşlanan makalanyñ ýany bilen parahat döwürde
açlygyndan ölen türkmen çagasynyñ suratynyñ ýerleşdirilmegi
informasion giñişlikde edil bomba ýarylan ýaly netijäni
berýär. Bu makala we ondaky getirilýän faktlar SSSR
Ýokary sovetiniñ ilkinji gurultaýynyñ sessiýasynda tribunadan
okalýar we ýiti çekişmä sebäp bolýar.
Şondan soñ ýazyjynyñ Türkmenistanda we
bütin Merkezi Azyýada çagalaryñ we eneleriñ ölüminiñ
ylalaşyp bolmajak ýokary derejesi, ýeriñ, suwuñ zäherlenmegi,
ekin ýerleriniñ ýüzlerçe müñ gektarynyñ sandan çykarylmagy,
infeksion keselleriñ köpçülikleýin ýaýramagy hakyndaky
ýiti tankydy makalary, ýazyjy bilen gurnalýan intervýular
SSSR-iñ çäklerinden çykyp, dünýä ýaýraýar. Şol döwürde
onuñ çykyşlary ”Edebiýat we sungat” (Türkmenistan),
”Moskovskie novosti”, ”Sovetskaýa kultura” (Russia),
”Hürriýet” (Türkiýe), ”Asahi” (Ýaponiýa), ”Washington
Post”, ”International Herald Tribune” (ABŞ), ”The Independent”
(Beýik Britaniýa), ”Dagens nyheter”, ”Svenska dagbladet”
(Shwesiýa) we şeýle-de Daniýanyñ, Gresiýanyñ, Kanadanyñ
gazet-jurnallarynda çap edilýär. Amerikan televideniýesi
bu döwürde ýazyjy bilen söz azatlygy hem demokratiýa
meselesinden intervýu gurnaýar.
A.Welsaparyñ Türkmenistanda, ozalky SSSR-de
we dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapan çykyşlary
kommunistik häkimýetleriñ gonjuna gor guýýar. Olar her
edip-hesip edip, gaýtadan hakykatyñ üstüni basyrmak
üçin jan edýärler. A.Welsaparyñ garşysyna 1979-njy ýylda,
entek ol ýaş jurnalist döwründe başlanan yzarlanmalar,
ýanamalar gaýtadan tutaşýar.
Netijede ýazyjy hak sözi üçin edil Staliniñ döwründäki
ýaly Türkmenistanda ”halk duşmany” diýlip yglan edilýär.
1993 ýylyñ 25-nji awgustynda ol Ýazyjylar we Jurnalistler
guramalaryndan çykarylýar. Onuñ kitaplary gadagan edilýär
we kitaphanalardan, kitap magazinlerinden yzyna alnyp,
ýakylyp ýok edilýär.
Ýazyjy Ak Welsapar tükeniksiz ýanamalar
zerarly we gysga wagtlyk tussaglyklardan, ençeme aýa
çeken öý tussaglygyndan soñ, 1993-nji ýylyñ güýzünde
dogduk topragy gizlinlikde terk etmäge mejbur bolýar.
1994-nji ýyldan bäri ol Europada ýaşaýar.
ÝAZYJYNYÑ GYSGAÇA DÖREDIJILIK TERJIMEHALY
A.Welsapar 1982 ýyldan SSSR Jurnalistler
guramasynyñ, 1987 ýyldan beýäk hem SSSR Ýazyjylar guramasynyñ
agzasydyr. Türkmenistanda Ýazyjylar guramasyndan çykarylandan
kän wagt geçmänkä ol Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubynyñ
hormatly agzalygyna kabul edilýär. A.Welsapar 1996-njy
ýyldan bäri Şwesiýanyñ Ýazyjylar guramasynyñ agzasydyr.
Ýazyjynyñ ”GAWUNKELLE” eseri 1984 ýylda
Türkmenistan döwletiniñ döredilmeginiñ 60 ýyllygy bilen
baglanyşykly geçirilen Respublikan Edebi Konkursda 3-nji
baýragy alýar. Şeýle-de ýazyjy 1994-nji ýylda Erkin
döredijiligi üçin Halkara Amerikan baýragyna we soñra-da
birnäçe gezek Şwed Ýazyjylar guramasynyñ Edebiýat Fondunyñ
stipendýia-baýraklaryna mynasyp bolýar.
ÝAZYJYNYÑ BELLI ESERLERI.
Romanlar: ”Gawunkelle”,
”Ahal aýak ýeterde”, ”Tilkiler tiresiniñ ary”, ”Egri
gylyç”, ”Mülli Tahyryñ hudaýlygy”, ”Böwsülen tümlük”,
”Kepjebaş”.
Hekaýalar ýygyndylary: ”Halkyñ haky”,
”Gün söhlesine intizar”
Goşgular kitaplary: ”Ak öý”, ”Watanym
galdy”
Çagalar we ýetginjekler üçin kitap:
”Ak guş bolup uçsamdym!”
Terjimeler: Omar Haýýam, “Nowruznama”
Publisistika: “Türkmennama”
|