30
شهريور 386
Ak
Welsapar, türkmen ýazyjysy bilen INTERVÝU

Turkmensahramedia(TSM): Hormatly Ak Welsapar, Siz haçan,
näçe ýaşlaryñyzda ýazyjylyk işine başladyñyz?
A.Welsapar: Orta mekdep okuwçysykam. Şol
döwürde ilkinji goşgularym, makalalarym çap edilipdi.
TSM: Ýazyjylygy saýlap
almagyñyza näme sebäp boldy?
A.Welsapar: Munuñ sebäbi kitaby, çeper sözi,
türkmen tebigatyny söýenligimden bolsa gerek. Çagakam
kitap okamagy, erteki diñlemegi gowy görerdim. Daýzalarymyñ
biri hem kakamyñ aýal dogany köp erteki bilýärdiler, okuwdan
boş günlerim men olara ýatymlyk myhmançylyga giderdim.
Olar ökde ertekiçilerdi, obrazaly gürrüñ bermegiñ hötdesinden
gelerdiler. Onsoñ ertekiniñ her bir sözi, ondaky adam
gylyklary, döwleriñ, ajdarhalaryñ, jadygöýleriñ bolşy,
olaryñ adamlara bolan gatnaşygy gowy ýadyñda galardy.
Türkmen ertekilerinde gowy ýadymda galan zat – adam mertligine,
ynsaba, arassalyga hatda döwleriñ, ajdarhalaryñ, jadyly
güýçleriñ hem sarpa goýýanlygy!
TSM: Häzire çenli
näçe kitap ýazdyñyz?
A.Welsapar: Meniñ üçin, dogrusy, kitaplaryñ
sany däl-de, hili möhüm… Ýöne diñe san gyzyklandyrýan
bolsa, onda çap edilen kitaplarym, eger bilelikdäki ýygyndylary
hem Antologiýalary-da hasaplasañ, onda 20-ä golaýlap ýörendir.
TSM: Ýazan eserleriñiziñ
haýsy birini has gowy görýäñiz?
A.Welsapar: Umuman, hemmesinem. Eger eline
galam alanda, öz ynsabyna ikilik etmedik bolsa, ýazyjy
öz ýazan eserini erbet görüp bilmez. Ýöne ýazyjyñ belli
bir döwürde aýratyn gowy görýän eseri bolup biler. Meselem,
men geçen asyryñ 80-nji ýyllarynyñ ortalarynda ”Gawunkelle”
romanymy gowy görýärdim. Sebäbi ol kitapda maña sovet
senzurasyna duýdurman, aýlawly dil bilen öz halkymyzyñ
ahlak sypatlary, mertligi, ynsaplylygy hakdaky pikirleri
okyjylara ýetirmek başardypdy. Soñra ”Ahal aýak ýeterde”
kitabymy has gowy gördüm. Sebäbi ol eserde men entek hökmürowan
sovet imperiýasy döwründe aýlawly dil bilen garaşsyz türkmen
döwletini döretmek hakdaky pikirleri gozgap bildim. Soñra
Türkmenistanda gadagan edilen ”Mülli Tahyryñ hudaýlygy”
romanymy beýleki kitaplarymdan ileri tutdum, Ol romanda
türkmen aýal-gyzlarynyñ edep-ekramda, mertlikde, wepalylykda,
ahlaklylykda, durnuklylykda türkmen erkeklerinden ökde
gelýändigi görünýär… Bu eserde men türkmeniñ ahlak sütüni
– türkmen aýal-gyzlary diýen ideýany öñe sürdüm.
Häzirki döwürde iñ gowy görýän eserim ”Kepjebaş”
romany. Sebäbi bu kitapda men diñe bir türkmenleriñ däl,
eýse bütin adamzada degişli problemalary derñemäge synanyşdym.
Meniñ pikirimçe, şahsyýet erkinligi, adam mertebesi, mertlik
– ynsanyñ iñ uly baýlyklary. Tebigat – adamzadyñ sallançagy.
Totalitarizm, diýdimzorluk – ýaşaýyşyñ ganym duşmany.
Tebigatyñ durkuna kast edilse, milli mertebe, adam mertebesi
depgilense, bu adamzadyñ geljegine uly howp salyp biler!
”Kepjebaş” romanynda çeper obrazlaryñ, çeper sözüñ üsti
bilen men hut şu hakykaty okyjylaryñ añyna ýetirmäge synanyşdym.
Geljekde, belki, täze ýazan eserlerimiñ
birini aýratyn ileri tutmagym ahmal. Ýöne munuñ üçin ol
eseriñ öñkülerden güýçli çykmagy gerek.
TSM: Kitap ýazanyñyzda
nämeden ylham alýarsyñyz?
A.Welsapar: Durmuşdan: çeper sözden, tebigatyñ
gözelliginden, zenan gözelliginden, olaryñ edep-ekramyndan,
diñe aýal-gyzlara mahsus ajaýyp syrlylygyndan, adam mertliginden,
gündiziñ gözümizi baglap, gijäniñ älemiñ çuñlugyny görkezip
durşundan…
TSM: Şu wagt türkmen
edbiýatynyñ ýagdaýy nähili: ol öñe gidýärmi ýa yza tesýärmi?
A.Welsapar: Eger Türkmenistanda çap edilýän
eserlerden çen tutsañ, onda türkmen edebiýaty häzir yza
tesýär… Garaşsyz türkmen edebiýaty diñe Türkmenistanyñ
çäklerinden daşarda ýaşap hem ösüp bilýär. Ýöne ýurduñ
içinde-de gadagan edilen ýazyjylaryñ onlarçasy bar. Olar
hiç haçan diktatura boýun egmediler we egenoklar. Häzirlikçe,
gynansak-da, biz olaryñ soñky onýyllykda nähili eserleri
ýazandygyny bilemzok. Diñe şol gadagan edilen ýazyjylaryñ
täze eserleri ile gowşanda, biz döwürdeş türkmen edebiýatyna
dogruçyl baha kesip bileris.
TSM: Türkmen ýazyjylaryndan
kimlere sarpa goýýarsyñyz?
A.Welsapar: Köne döwürden başlap, tä döwürdeş
türkmen edebiýatyna çenli edebiýatymyza uly sarpa goýýaryn.
”Oguznama”, ”Däde Gorkudyñ kitabyna”, ”Görogly” eposyna,
Orta asyr türkmen şahyrlarynyñ döredijiligine, Nesimä,
Fuzula, Burhaneddin Siwasla, Gaýyba, Magtymgula, Keminä,
Mollanepese, Seýdä, Zelilä, Şeýdaýa we beýleki onlarça
ýazyjy-şahyrlarymyza neneñ sarpa goýmajak! Neneñ guwanmajak!
Bu bir tükeniksiz baýlyk, genji-hazyna ahyryn! Şunça ägirtleri
dünýä beren millet olara guwanmagy-da başarmalydyr!
Sovet döwründe Nurmyrat Saryhan, Berdi Kerbaba,
Hydyr Derýa, Beki Seýtek, Ata Gowşut, Kerim Gurbannepes,
Gurbannazar Eziz, Gara Seýitli, Tirkiş Jumageldi, Bapba
Gökleñ, Akmyrat Şir, Kömek Kuly, Agageldi Allanazar kimin
üýtgeşik zehinler ýetişdi. Bu adamlaryñ döredijiligi türkmen
edebiýatyny täze bir belentlige göterdi.
Türkmensährada ýetişen şahyrlardan Setdar
Sowgynyñ adyny aýratyn belläsim gelýär. Ol hyrawa ýetişen
zehin.
Gowy eserleri döreden adamlar başga-da bar,
ýöne olaryñ döredijiligi doly däl. Eseriñ arkasynda şahsyýet
bolmasa, eser öz gymmatyny ýitirýär. Ýazyjy-şahyr mertligi
ündäp, namartlyk, ynsaby wasp edip, ynsapsyzlyk etse,
onda ol ýazyjy-da, şahyr-da bolup bilmez. Beýle adam diñe
edebiýat meýdanyndaky hünärmentdir. Hakyky ýazyjy öz ýazan
her setiriniñ arkasynda gaýa kimin durmaly! Şony başarmadyk
adamdan ýazyjy-da, şahyr-da çykmaz. Emma, gynansagam,
islendik edebiýatda, şol sanda türkmen edebiýatynda-da
hakyky ýazyjy-şahyrlardan hünärmentler agdyklyk edýär.
Bu çeper edebiýatyñ abraýyna zelel ýetirýär.
TSM: Daşary ýurt ýazyjylaryndan
kimleri gowy görýärsiñiz?
A.Welsapar: Olar, elbetde, sanardan kän.
Ýöne gaýtalap okaýan ýazyjylarymdan Fransua Rable, Gogol,
Dostoýevskiý, Çehov, Hemingueý, Tomas Mann, Garsia Markes,
Borhes bar.
TSM: Türkmen edebiýatyna
Lev Tolstoýyñ derejesinde kömek eden barmy?
A.Welsapar: Häzirlikçe ýok. Türkmen edebiýatyndan
halkara derejesindäki ägirt şu asyrda dörese gerek. Ägirtler
türkmeniñ şu günki ýagdaýy ýaly kyn günde öñe çykýarlar.
Magtymgulyny döreden asyry ýatlasañyz, belki, siz meniñ
bilen ylalaşarsyñyz…
TSM: Şwed dilinde
haýsy eserleriñiz çap edildi?
A.Welsapar: Hekaýalarym, käbir beýleki ownukly-irili
eserlerim. Iñ soñky çykan kitabyñ ady ”Tystade röster”
(”Bogulan sesler”). Ol kitapda meniñ ”Kepjebaş” kitabymdan
bir bap ýerleşdirildi. Indi diñe ”Kepjebaş” romanynyñ
dolulygyna çykmagyna garaşybermek galýar.
TSM: Häzir nähili
eser ýazýarsyñyz?
A.Welsapar: Häzirki ýazyp ýören romanym
türkmenleriñ şu günki güni bilen bagly. Türkmenistanyñ
ant döwründen gürrüñ açýan ikinji bir eseri ugurdaş ýazýaryn.
”Ekizler” atly drama eseri ýylyñ aýagyna çenli taýyn bolar.
Çagalar üçin ertekiler kitabym geljek ýyl ýetişer diýip
umyt edýärin. Bulardan başga-da, belli şwed ýazyjysy Astrid
Lindgreniñ kitaplaryny originaldan türkmençä geçirmäge
başladym.
TSM: Okyjylara etjek
arzuwyñyz?
A.Welsapar: Köpräk okamak! Kitabyñ ýerini
tutjak zat ýokdur. Çeper kitap, ussatlyk bilen ýazylan
eser – müdümilik ruhy gymmatlykdyr. Beýik eserleri gyzylly
hum bilen deñese bolar. Men türkmen okyjylarynyñ şol gyzylly
humlardan öz ýetdik paýlaryny almaklaryny arzuw edýärin!
TSM: Sagboling