تورکمن صحرا مدیا
www.turkmensahramedia.com
info@turkmensahramedia.com

|

30 شهريور 386

Ak Welsapar, türkmen ýazyjysy bilen INTERVÝU


Turkmensahramedia(TSM): Hormatly Ak Welsapar, Siz haçan, näçe ýaşlaryñyzda ýazyjylyk işine başladyñyz?

A.Welsapar: Orta mekdep okuwçysykam. Şol döwürde ilkinji goşgularym, makalalarym çap edilipdi.

TSM: Ýazyjylygy saýlap almagyñyza näme sebäp boldy?

A.Welsapar: Munuñ sebäbi kitaby, çeper sözi, türkmen tebigatyny söýenligimden bolsa gerek. Çagakam kitap okamagy, erteki diñlemegi gowy görerdim. Daýzalarymyñ biri hem kakamyñ aýal dogany köp erteki bilýärdiler, okuwdan boş günlerim men olara ýatymlyk myhmançylyga giderdim. Olar ökde ertekiçilerdi, obrazaly gürrüñ bermegiñ hötdesinden gelerdiler. Onsoñ ertekiniñ her bir sözi, ondaky adam gylyklary, döwleriñ, ajdarhalaryñ, jadygöýleriñ bolşy, olaryñ adamlara bolan gatnaşygy gowy ýadyñda galardy. Türkmen ertekilerinde gowy ýadymda galan zat – adam mertligine, ynsaba, arassalyga hatda döwleriñ, ajdarhalaryñ, jadyly güýçleriñ hem sarpa goýýanlygy!

TSM: Häzire çenli näçe kitap ýazdyñyz?

A.Welsapar: Meniñ üçin, dogrusy, kitaplaryñ sany däl-de, hili möhüm… Ýöne diñe san gyzyklandyrýan bolsa, onda çap edilen kitaplarym, eger bilelikdäki ýygyndylary hem Antologiýalary-da hasaplasañ, onda 20-ä golaýlap ýörendir.

TSM: Ýazan eserleriñiziñ haýsy birini has gowy görýäñiz?

A.Welsapar: Umuman, hemmesinem. Eger eline galam alanda, öz ynsabyna ikilik etmedik bolsa, ýazyjy öz ýazan eserini erbet görüp bilmez. Ýöne ýazyjyñ belli bir döwürde aýratyn gowy görýän eseri bolup biler. Meselem, men geçen asyryñ 80-nji ýyllarynyñ ortalarynda ”Gawunkelle” romanymy gowy görýärdim. Sebäbi ol kitapda maña sovet senzurasyna duýdurman, aýlawly dil bilen öz halkymyzyñ ahlak sypatlary, mertligi, ynsaplylygy hakdaky pikirleri okyjylara ýetirmek başardypdy. Soñra ”Ahal aýak ýeterde” kitabymy has gowy gördüm. Sebäbi ol eserde men entek hökmürowan sovet imperiýasy döwründe aýlawly dil bilen garaşsyz türkmen döwletini döretmek hakdaky pikirleri gozgap bildim. Soñra Türkmenistanda gadagan edilen ”Mülli Tahyryñ hudaýlygy” romanymy beýleki kitaplarymdan ileri tutdum, Ol romanda türkmen aýal-gyzlarynyñ edep-ekramda, mertlikde, wepalylykda, ahlaklylykda, durnuklylykda türkmen erkeklerinden ökde gelýändigi görünýär… Bu eserde men türkmeniñ ahlak sütüni – türkmen aýal-gyzlary diýen ideýany öñe sürdüm.

Häzirki döwürde iñ gowy görýän eserim ”Kepjebaş” romany. Sebäbi bu kitapda men diñe bir türkmenleriñ däl, eýse bütin adamzada degişli problemalary derñemäge synanyşdym. Meniñ pikirimçe, şahsyýet erkinligi, adam mertebesi, mertlik – ynsanyñ iñ uly baýlyklary. Tebigat – adamzadyñ sallançagy. Totalitarizm, diýdimzorluk – ýaşaýyşyñ ganym duşmany. Tebigatyñ durkuna kast edilse, milli mertebe, adam mertebesi depgilense, bu adamzadyñ geljegine uly howp salyp biler! ”Kepjebaş” romanynda çeper obrazlaryñ, çeper sözüñ üsti bilen men hut şu hakykaty okyjylaryñ añyna ýetirmäge synanyşdym.

Geljekde, belki, täze ýazan eserlerimiñ birini aýratyn ileri tutmagym ahmal. Ýöne munuñ üçin ol eseriñ öñkülerden güýçli çykmagy gerek.

TSM: Kitap ýazanyñyzda nämeden ylham alýarsyñyz?

A.Welsapar: Durmuşdan: çeper sözden, tebigatyñ gözelliginden, zenan gözelliginden, olaryñ edep-ekramyndan, diñe aýal-gyzlara mahsus ajaýyp syrlylygyndan, adam mertliginden, gündiziñ gözümizi baglap, gijäniñ älemiñ çuñlugyny görkezip durşundan…

TSM: Şu wagt türkmen edbiýatynyñ ýagdaýy nähili: ol öñe gidýärmi ýa yza tesýärmi?

A.Welsapar: Eger Türkmenistanda çap edilýän eserlerden çen tutsañ, onda türkmen edebiýaty häzir yza tesýär… Garaşsyz türkmen edebiýaty diñe Türkmenistanyñ çäklerinden daşarda ýaşap hem ösüp bilýär. Ýöne ýurduñ içinde-de gadagan edilen ýazyjylaryñ onlarçasy bar. Olar hiç haçan diktatura boýun egmediler we egenoklar. Häzirlikçe, gynansak-da, biz olaryñ soñky onýyllykda nähili eserleri ýazandygyny bilemzok. Diñe şol gadagan edilen ýazyjylaryñ täze eserleri ile gowşanda, biz döwürdeş türkmen edebiýatyna dogruçyl baha kesip bileris.

TSM: Türkmen ýazyjylaryndan kimlere sarpa goýýarsyñyz?

A.Welsapar: Köne döwürden başlap, tä döwürdeş türkmen edebiýatyna çenli edebiýatymyza uly sarpa goýýaryn. ”Oguznama”, ”Däde Gorkudyñ kitabyna”, ”Görogly” eposyna, Orta asyr türkmen şahyrlarynyñ döredijiligine, Nesimä, Fuzula, Burhaneddin Siwasla, Gaýyba, Magtymgula, Keminä, Mollanepese, Seýdä, Zelilä, Şeýdaýa we beýleki onlarça ýazyjy-şahyrlarymyza neneñ sarpa goýmajak! Neneñ guwanmajak! Bu bir tükeniksiz baýlyk, genji-hazyna ahyryn! Şunça ägirtleri dünýä beren millet olara guwanmagy-da başarmalydyr!

Sovet döwründe Nurmyrat Saryhan, Berdi Kerbaba, Hydyr Derýa, Beki Seýtek, Ata Gowşut, Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Eziz, Gara Seýitli, Tirkiş Jumageldi, Bapba Gökleñ, Akmyrat Şir, Kömek Kuly, Agageldi Allanazar kimin üýtgeşik zehinler ýetişdi. Bu adamlaryñ döredijiligi türkmen edebiýatyny täze bir belentlige göterdi.

Türkmensährada ýetişen şahyrlardan Setdar Sowgynyñ adyny aýratyn belläsim gelýär. Ol hyrawa ýetişen zehin.

Gowy eserleri döreden adamlar başga-da bar, ýöne olaryñ döredijiligi doly däl. Eseriñ arkasynda şahsyýet bolmasa, eser öz gymmatyny ýitirýär. Ýazyjy-şahyr mertligi ündäp, namartlyk, ynsaby wasp edip, ynsapsyzlyk etse, onda ol ýazyjy-da, şahyr-da bolup bilmez. Beýle adam diñe edebiýat meýdanyndaky hünärmentdir. Hakyky ýazyjy öz ýazan her setiriniñ arkasynda gaýa kimin durmaly! Şony başarmadyk adamdan ýazyjy-da, şahyr-da çykmaz. Emma, gynansagam, islendik edebiýatda, şol sanda türkmen edebiýatynda-da hakyky ýazyjy-şahyrlardan hünärmentler agdyklyk edýär. Bu çeper edebiýatyñ abraýyna zelel ýetirýär.

TSM: Daşary ýurt ýazyjylaryndan kimleri gowy görýärsiñiz?

A.Welsapar: Olar, elbetde, sanardan kän. Ýöne gaýtalap okaýan ýazyjylarymdan Fransua Rable, Gogol, Dostoýevskiý, Çehov, Hemingueý, Tomas Mann, Garsia Markes, Borhes bar.

TSM: Türkmen edebiýatyna Lev Tolstoýyñ derejesinde kömek eden barmy?

A.Welsapar: Häzirlikçe ýok. Türkmen edebiýatyndan halkara derejesindäki ägirt şu asyrda dörese gerek. Ägirtler türkmeniñ şu günki ýagdaýy ýaly kyn günde öñe çykýarlar. Magtymgulyny döreden asyry ýatlasañyz, belki, siz meniñ bilen ylalaşarsyñyz…

TSM: Şwed dilinde haýsy eserleriñiz çap edildi?

A.Welsapar: Hekaýalarym, käbir beýleki ownukly-irili eserlerim. Iñ soñky çykan kitabyñ ady ”Tystade röster” (”Bogulan sesler”). Ol kitapda meniñ ”Kepjebaş” kitabymdan bir bap ýerleşdirildi. Indi diñe ”Kepjebaş” romanynyñ dolulygyna çykmagyna garaşybermek galýar.

TSM: Häzir nähili eser ýazýarsyñyz?

A.Welsapar: Häzirki ýazyp ýören romanym türkmenleriñ şu günki güni bilen bagly. Türkmenistanyñ ant döwründen gürrüñ açýan ikinji bir eseri ugurdaş ýazýaryn. ”Ekizler” atly drama eseri ýylyñ aýagyna çenli taýyn bolar. Çagalar üçin ertekiler kitabym geljek ýyl ýetişer diýip umyt edýärin. Bulardan başga-da, belli şwed ýazyjysy Astrid Lindgreniñ kitaplaryny originaldan türkmençä geçirmäge başladym.

TSM: Okyjylara etjek arzuwyñyz?

A.Welsapar: Köpräk okamak! Kitabyñ ýerini tutjak zat ýokdur. Çeper kitap, ussatlyk bilen ýazylan eser – müdümilik ruhy gymmatlykdyr. Beýik eserleri gyzylly hum bilen deñese bolar. Men türkmen okyjylarynyñ şol gyzylly humlardan öz ýetdik paýlaryny almaklaryny arzuw edýärin!

TSM: Sagboling