تورکمن صحرا مدیا
www.turkmensahramedia.com
info@turkmensahramedia.com

|

A.ÝAWşAN

Ýapyş

Ýapyşara ýer bolsa, ýapyş, ýykylma
Basyp ötmesin adam.
Depişere ýer bolsa, depiş, epilme,
Üstün çykmasyn nadan.

Ýöne göýdük, görümsize jan çekip,
Düşündirjek bolma ýagşy-ýamany.
Hemem eger-eger ýüregñe alma,
Ýüwrük diýip ozdursalar çamany.

Bu ozal bolmadyk ýa-da geljekde
Bolmajak bir närse däldir aslynda,
Arsyz güler il aglanda jak-jaklap,
Herne bişer öz bişmeli paslynda.

Ýalany gaýtalap çynaberimsiz,
Belki çyndan has ýokarrak satyp bor.
Başaran bu işden uly pul eder,
Ynandyrar ili gözlä diýip kör,
Dogryny ogrudan etdirer heder.

Bu ozal bolmadyk ýa-da bolmajak
Närse däldir, köp oýnalan oýundyr.
Biri çopan, iki köpek, üç möjek,
Galanlary otlap ýören goýundyr...

 

Aşgabat, 1997.