Türkmen Sähra Media (TSM) – garaşsyz elektron
neşirdir. Ol türkmen we pars dillerinde çykýar. TSM-yñ gapysy
ähli azat, demokratik garaýyşly ynsanlar we dürli pikirler üçin
hemişe açykdyr.
Bu neşiriñ aladasy Türkmen Sährañ ýaşaýşyny we türkmen
milletiniñ medeni, sosial we syýasy ýagdaýyny tankydy nazardan
analizlemek we ony giñişleýin şöhlelendirmekden ybarat. Biz Türkmen
Sähranyñ röwşen pikirlileriniñ bir topary bolup, Türkmeniñ gadymdan
gelýän kanunlaryndan (töreden) ylham alyp, peýdalanyp, häzirki
durmuşy gowulandyrmagyñ ýoluny tapmaga we halkymyza elimizden
gelen kömegi bermäge çalyşýarys. Töräniñ kanunlary aşakdakylardan
ybaratdyr:
1. Günülik (Adalat) 2. Tüzünlük (Deñlik) 3. Üzülik (Mähribanlyk).
Bize öz makalalaryñyzy ibereniñizde aşakdaky talaplary
göz öñünde tutsañyz, minnetdar bolarys.
• "Eger gahar gapydan girse, töre penjireden gaçyp gider"
diýen ata-babalarymyzyñ dürdäne sözlerine uýup, biz her hili ýaramaz
gylygy we gahar-gazaby nädogry hasaplaýarys. Biz özara hormata
bil baglaýarys.
• TSM-de goýuljak makalalaryñ mazmuny düşnükli bolmaly.
• Ynsan hormatyny saklamaýan makalalar internet sahypamyzda goýulmaýar.
• Başga internet sahypalara iberilen makalalar, adatça, TSM-de
çap edilmeýär.
• TSM-de çap ediljek we edilýän her bir makalanyñ mazmunynyñ jogapkärçiligi
ony ýazanyñ öz boýnuna düşýär.
• Öz sahypamyzda çykarýan materiallaryñ mazmunyny ýoýmazdan we
üýtgetmezden, zerurlyk bolan halatynda, gysgaltmaga TSM-iñ haky
bardyr.
• Terror, uruş we adam mertebesini kemsidiji makalalar sahypada
goýulmaýar.
• Delilsiz makalalar hem çap edilmeýär. Makalalaryñ
çeşmeleri belli bolmaly.
Tsmñ jogapkär modyri:
Mäty Wekilly
05 - 09 1385 / 26 -11 2006